Sepleriň elýeterliligi

Saud Arabystany: Üç adam tussag edildi


26-njy iýunda Kuweýtiň metjidine edilen bombaly hüjümden soň, ýaşaýjylara ýaralananlara kömek edýär. 26-njy iýun, 2015 ý. Kuweýt.

26-njy iýunda Kuweýtiň metjidine edilen bombaly hüjümden soň, ýaşaýjylara ýaralananlara kömek edýär. 26-njy iýun, 2015 ý. Kuweýt.

Saud Arabystanynyň häkimiýetleri 26-njy iýunda Kuweýtiň metjidine edilen bombaly hüjüm bilen ilteşikli saud arabystanly üç doganyň tussag edilendigini aýdýarlar. Şol hüjümde 26 adam öldi.

Kuweýt şäherindäki şaýy musulmanlarynyň metjidine edilen bu hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” atly topar öz üstüne aldy.

Saud Arabystanynyň “Saudi” atly resmi metbugat gullugynyň Içeri işler ministrliginiň beýanatyna salgylanyp beren maglumatynda şübhelilerden biriniň ýurduň Kuweýt bilen serhediniň golaýyndaky Hafiji territoriýasynda howpsuzlyk gullugyna ot açandan soň tussag edilendigi habar berilýär.

Şeýle-de, maglumatda şübhelileriň ýene biriniň Kuweýtde we üçünjisiniň Saud Arabystanynyň Taif şäherinde tussag edilendigi mälim edilýär.

XS
SM
MD
LG