Sepleriň elýeterliligi

Ispaniýada bir zenan tussag edildi


Ispaniýanyň polisiýasy Kanar adalarynda “Yslam döwleti” atly söweşiji topara gyzlary we ýetginjekleri hakyna tutmakda şübhelenilýan bir zenany tussag etdi.

Ispaniýanyň Içeri işler ministrligi gürrüňi edilýän zenanyň 7-nji iýulda Lansarote adasyndaky Arresife şäherçesinde tussag edilendigini aýtdy.

Bu zenan “Yslam döwleti” atly topara “gyzlary we ýetginjekleri hakyna tutmakda we olaryň gürrüňi edilýän toparyň kontrollygyndaky territoriýalara sapar etmegini ýeňilleşdirmekde” aýyplanýar.

Ispan ministrligi zenanyň “Yslam döwleti” atly toparyň Siriýadaky edaralary bilen “gönüden-göni aragatnaşyk saklandygyny” mälim edýär.

XS
SM
MD
LG