Sepleriň elýeterliligi

“AI” Balkan ýurtlaryny aýyplady


Makedoniýadaky migrantlar.

Makedoniýadaky migrantlar.

Adam hukuklaryny goraýan halkara “Amnesty International” guramasy Balkan ýurtlaryny, Ýewropa Bileleşigine aralaşmak üçin öz territoriýalaryndan geçýän migrantlara ýaramaz daramakda aýyplady.

“Balkan ýurtlarynyň çäginde howply sapary amala aşyrýan müňlerçe bosgun we migrant, şol sanda çagalar häkimiýetleriň we jenaýatçylykly toparlaryň edýän zorluklaryndan ejir çekýärler” diýlip, adam hukuklaryny goraýan toparyň raportynda habar berilýär.

Uruşdan, garyplykdan we yzarlamalardan gaçyp gelen migrantlar “Ýewropa Bileleşiginiň migrasiýa ulgamy arkaly Serbiýada we Makedoniýada goragsyz goýlup, masgaraçylykly kemsitmelere sezewar edilýärler” diýip, düýbi Londonda ýerleşýän “Amnesty International” guramasy habar berýär.

XS
SM
MD
LG