Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Farýabyň dört obasynda çaknyşyklar dowam edýär


Owgan polisiýa güýçleri.

Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Farýab welaýatynyň dört etrabynda jeňçiler bilen owgan güýçleriniň arasynda çaknyşyklar dowam edýär. Bu welaýatda 60-dan gowrak obanyň söweşijiler tarapyndan basylyp alnandygyny, owgan ýerli resmileri habar berýärler.

Farýab welaýat geňeşiniň başlygy Seýit Abdulbaky Haşymynyň aýtmagyna görä, “Arbaki” atly ýerli ýaragly toparyň 3 müňe golaý agzasy “Talyban” söweşijileriniň eline geçipdir.

Farýab welaýatynda dowam edýän çaknyşyklar barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýymerdanguly Myradynyň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

XS
SM
MD
LG