Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy


Türkmenistanyň we Şwesiýanyň Daşary işler ministrlikleri Stokgolmda syýasy konsultasiýalary geçirdi diýip, «Trend» habarlar gullugy türkmen hökümetine salgylanyp ýazýar.

Taraplar duşuşyk mahalynda 2016-njy ýylyň fewralynda bilelikdäki biznes forumyny geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşypdyrlar.

Şeýle-de taraplar Türkmenistan bilen Şwesiýanyň arasynda syýasy, söwda we ykdysady, medeni we ynsanperwerçilik ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň perspektiwalary barada pikir alyşdylar diýip, «Trend» habarlar gullugy ýazýar

XS
SM
MD
LG