Sepleriň elýeterliligi

"Talyban" gepleşikleri dowam edýär


Pakistan hökümeti 7-nji iýulda owgan hökümeti bilen owgan «Talybanynyň» wekilleriniň arasyndaky gepleşikleriň parahatçylyk we ýaraşyk gazanmak baradaky gepleşikleri dowam etdirmek ylalaşygy bilen tamamlanandygyny aýtdy.

Bu parahatçylyk gepleşikleri owgan «Talybany» bilen Kabuldaky hökümetiň resmi taýdan tassyklan ilkinji gepleşigi boldy.

Gepleşiklere Pakistanyň Daşary işler ministrligi beýemçilik etdi. Ministrligiň 8-nji iýulda çap eden beýanatynda iki tarapyň hem regionda durnukly parahatçylyk gazanmak prosesine ak ýürekden çemeleşmäge we özlerine bagly zatlary etmäge razy bolandyklary aýdylýar.

XS
SM
MD
LG