Sepleriň elýeterliligi

Dron onlap jeňçi öldürdi


7-nji iýulda Owganystana urlan iki dron zarbasy «Yslam döwletine» ygrarly jeňçileriň onlarçasyny öldürdi.

Owganystanyň we daşary ýurt resmileriniň hasaplamalaryna görä, öldürilen jeňçileriň sany 25 bilen 49 aralygynda.

Owganystandaky jeňçileriň arasynda «Yslam döwletine» wepalylyk kasamyny içýänleriň köpelmegi olaryň ABŞ-nyň adamsyz uçarlarynyň nyşanasyna öwrülmegine getirdi.

Nangarhar welaýatynyň hökümet sözçüsi Ahmad Ziýa Abdulzaý Açin etrabyndaky Mamd Dara obasynda 49 jeňçiniň öldürilendigini aýtdy.

Emma adyny aýtmazlygy soran daşary ýurt resmisi ölenleriň sanynyň 25-e golaýdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG