Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD-niň Oraza aýyndaky gadaganlary


Mosulda Oraza aýy: YD nardyny, dominony we doga-tumarlary gadagan etdi.

YD-niň ýaragly toparynyň Yragyň demirgazygyndaky Mosuly eýelemegi bilen bu şäheriň halky üçin ýaşaýyş şertleri görnetin üýtgedi. Bu radikal sünni toparyň mukaddes Oraza aýynda girizen dürli gadagançylyklary bolsa halkyň ýaşaýşyny duýarlykly derejede agyrlaşdyrdy.

YD-niň dini alymlary Oraza aýynyň owaldan gelýän ýörgünli düzgünleriniň köpüsini bikanun diýip yglan etdiler. Ol düzgünler bu radikal toparyň ýöredýän syýasatyna ters hasaplanýar.

Yragyň "Hamrin News" internet sahypasynyň berýän maglumatyna görä, şol gadagançylyklaryň arasyna domino we nard oýnamak hem girizilipdir.

Gadaganlyklara özboluşly garşylyk

Mundan başga-da Yrakda gadymdan gelýän "Ýüzük gizledi" oýny hem gadagan edilipdir. Yraklylaryň "Mahibs" diýip atlandyrýan ol oýny iki topar gezekli-gezegine öz ellerinde ýüzük gizläp, oýnaýarlar. Oýnuň şertine görä, garşydaş topar utmak üçin ýüzügiň kimiň elinde gizlenendigini tapmaly. Ahyrynda bolsa oýna gatnaşanlara süýji tagamlar we sowuk içgiler hödürlenýär.

Şeýle gadagançylyklara özboluşly garşylyk hökmünde Mosul halky, wagty şadyýan geçirmek üçin, göreş tutmak we ylgamak bäsleşiklerini geçirýärler.

Radikal toparlar şol bir wagtyň özünde hem zenanlaryň käbir hak-hukuklaryny düýpgöter ýok etdiler. Mosulda gadagan bolansoň, zenanlar agzaçar üçin daşaryk çykyp bilmeýärler.

Azyk önümlerini satýan dükanlar üçin hem gadagançylyk girizildi. Olar diňe agzaçardan soň açylmaly edildi.

Yslam ybadatlarynyň gözegçilik astynda tutulmagy

Dükanlaryň işleriniň çäklendirilmegi, oýunlar we zenan azatlyklary baradaky gadagançylyklar halky sosial taýdan çäklendirmegiň bir görnüşi hasaplanýar.

Mosuldaky Oraza aýyndaky gadagançylyklar bilen ýaragly toparyň baştutanlary yslam ybadatlaryny hem ygtykatlaryny ýokary derejede gözegçilik astynda saklap, yslamyň ýaňy dörän döwründäki ýaşaýyş görnüşini gaýtadan ornaşdyrmak isleýärler.

Aslynda oraza ygtykatlarynyň üýtgedilýändigi mukaddes aýyň ilkinji hepdesinde äşgär boldy. Ýagny, özüne YD diýip at berýän ýaragly topar öz eýelän sebitlerinde mukaddes aýyň 19-njy iýunda başlanjakdygyny yglan etdi. Olardan başga sünni mezhebindäkiler bolsa oraza aýyna 18-nji iýunda başladylar.

Mosuldaky Oraza bilen bagly permanlarynyň biri hem mukaddes aýda okalýan namazlaryň kadasynyň üýtgedilmegidir.

YD sünnüleriň tarawa namazyny gadagan etdi

Tarawa namazy musulmanlar üçin wajyp hasaplanmaýar. Şonuň üçinem ony günüň ahyrynda ýassy namazyndan soň okamaly edildi. Bu ybadat wajyp bolmasa-da, sünnüleriň köpüsi ony lebzi halallygyň alamaty hökmünde berjaý edýärler. Saud Arabystanynyň alymlary hem tarawa namazyny hut şeýle manyda okamagy maslahat berýärler.

YD tarawa dogasyny "Bid'ah" diýip hasaplaýar. Bu yslamy termin "täzelik" ýa-da "soňky tapylan" diýen ýaly manylary berýär.

Londonyň şalyk kolležiniň yslam baradaky hünärmeni Karul Kersteniň bellemegine görä, tarawanyň gadagan edilmegi bu toparyň näderejede gaty yzagalak düşünjä eýerýändiginiň bir subutnamasydyr.

"Azat Yrak" Radiosy 21-nji iýunda sekiz şyhdan ybarat bolan toparyň halkyň gözüniň öňünde jezalandyrylandygyny habar berýär. Karul Kersteniň pikrine görä, YD-niň bu soňky ädimi Mosulda musulmanlary gaty närazy eder we şol bir wagtyň özünde bu gadagançylyk beýleki sünni alymlarda hem güýçli nägilelik döreder.

XS
SM
MD
LG