Sepleriň elýeterliligi

Türme sakçysy ekstradisiýa edildi


Birleşen Ştatlarda ýaşaýan öňki türme gözegçisi dogduk watany Bosniýa ekstradisiýa edildi, ol uruş jenaýatlary, şol sanda tussaglary urup-ençmek, kemsitmek aýyplamalary esasynda sud edilmeli.

54 ýaşyndaky Almaz Nezirowiç geçen hepde ekstradisiýa edildi diýip, resmiler 7-nji iýulda aýtdylar.

Nezirowiç Birleşen Ştatlara 1997-nji ýylda gelipdir. Ol 1992-nji ýyldaky graždan urşy mahalynda, «Rabiç» türme lagerinde serb pidalaryny, şol sanda kämillik ýaşyna ýetmedik tussaglary gynamakda aýyplanýar.

Bosniýa-Hersogowinanyň sudýasy Nezirowçi tussag etmek baradaky hökümi 2003-nji ýylda çykardy, emma ol şikaýat prosesleri arkaly ekstradisiýany yza çekdi.

XS
SM
MD
LG