Sepleriň elýeterliligi

Orsýet goşunlaryny barlaýar


Rus harbylary Ermenistanda ýerleşdirilen goşunlarynyň söweş taýýarlygyny barlamagy buýurdy.

7-nji iýulda berlen buýruk esasynda, harby komissiýa Ýerebunidäki harby howa güýçleriniň we Gýumiridäki goşunlaryň berlen tabşyrygy ýerine ýetirmek ukybyna baha berer.

Türgenleşik okuwlary Kamhud we Alagýaz töwereklerinde geçiriler. Bu barlag Ermenistanda iki hepdeden gowrak dowam edýän protestlere gabat geldi.

Bu protestler Orsýetiň eýeçiligindäki kompaniýanyň elektrik nyrhlaryny ýokarlandyrmagy esasynda başlandy.

XS
SM
MD
LG