Sepleriň elýeterliligi

Metjit partlamasy: 3 dogan tutuldy


Saud Arabystanynyň resmileri Kuweýtdäki metjit partlamasy sebäpli üç saudlynyň – 3 doganyň tutulandygyny aýtdylar.

Olar 26-njy iýunda guralan we 26 adamy öldüren partlama bilen baglanyşykly hasaplanýar.

Kuweýt şäherindäki şaýy metjidinde janyndan geçen bombaçynyň amala aşyran partlamasynyň jogapkärçiligini «Yslam döwleti» diýilýän jeňçi topar öz üstüne aldy.

Saud Arabystanynyň resmi habar gullugy Içeri işler ministrliginiň beýanatyna salgylanyp, güman edilýän üç doganyň biriniň Kuweýt serhediniň golaýynda, howpsuzlyk güýçlerini oka tutanyndan soň tutulandygyny ýazdy.

Ministrlik doganlaryň ikisiniň Kuweýtde doglandygyny, olaryň dördünji doganynyň Siriýada, «Yslam döwletiniň» hatarynda söweşýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG