Sepleriň elýeterliligi

1 dollar 32,6 million dollara satyldy


Andy Warholyň 1962-nji ýylda çeken “One dollar bill”, ýagny “Bir dollarlyk kagyz pul” atly eseri Londonyň “Sotheby” auksion öýünde satyldy.

Andy Warholyň 1962-nji ýylda çeken “One dollar bill”, ýagny “Bir dollarlyk kagyz pul” atly eseri Londonyň “Sotheby” auksion öýünde satyldy.

Döwrebap suratkeş, pop art hereketiniň tanymal wekili Andy Warholyň 1962-nji ýylda çeken “One dollar bill”, ýagny “Bir dollarlyk kagyz pul” atly eseri Londonyň “Sotheby” auksion öýünde 32,6 million amerikan dollaryna satyldy.

Bir wagtlar Warholyň menejeri Fred Hughesiň eýeçiliginde bolan bu eser 1997-nji ýylda Sürihde “Galerie Bruno Bischofberger” galereýasyna satylypdy.

“Bir dollarlyk kagyz pul” atly bu eser şu hepde Londonyň auksion öýlerinde satylan iň gymmat bahaly eser boldy.

Andy Warholyň bu eseri 1962-nji ýylda Nýu-Ýorkyň Stable galereýasynda ilkinji gezek köpçülige görkezilipdi.

1975-nji ýylda A.Warhol bu suraty häsiýetlendirende: "Men diwarda puly halaýaryn" diýip belläp geçipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG