Sepleriň elýeterliligi

Lebap: Et dükanlarynda sowadyjy işlänok


Şu günler howanyň gyzmagy bilen Türkmenabadyň gök bazarynda et söwdasyny edýän söwdagerler kyn ýagdaýy başdan geçirýärler. Onuň sebäbi bazaryň esasy et pawilionlaryndaky sowadyjy enjamlaryň işlemeýänligi bilen bagly.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan etçileriň aýtmagyna görä, Türkmenabatda gündizki yssy 40 gradusdan geçýän häzirki günlerde, et täzeligine, ýagny mal soýlan güni, ýogsa-da, eger ol import et bolsa, onda daşyndaky gaby açylan güni satylyp gutarmasa, yssy onuň hiline täsir edýär, et derrew könelýär, tagamy gaçýar. Bu bolsa, satyja-da, alyja-da zyýan. Söwdagärleriň gazanjy ep-esli pese gaçýar.

Türkmenabadyň gök bazaryndaky et satylýan pawilionda on sany et söwdagäri bar we bu pawilion Türkmenabadyň iň uly et bazarlaryndan biri hasaplanýar. Et dükanlary bazaryň bir bölegini tutýar.

Split sistemalar işlemeýär

Et dükanlary üçin bazarda aýratyn şertler göz öňünde tutulypdyr, et dükanlarynda sowadyjy enjamlaryň gurulmagy-da şol çäreleriň biri. Emma et pawilionlarynda zerur temperaturany saklamak üçin goýlan split sistemalarynyň aglabasy işlemeýär. Bu barada bazar administrasiýasyna ençeme gezek şikaýat edilendigine garamazdan, ýagdaý öňküligine galýar diýip, et dükançylar gürrüň berýärler.

“Split sistemalar oturdylanda, könedi, olaryň öňem bir ýerde ulanylandygyny daşky görnüşi aýdýardy. Gurnan ussalar hem onuň könedigini hut özleri aýtdylar” diýip, Gök bazarynyň özüni Nepes diýip tanadan 45 ýaşlaryndaky et söwdagäri Azatlyk Radiosyna aýdýar.

Töleg we goşmaça şertler

Emma şol bir wagtyň özünde-de söwdagärlere eýeleýän ýerleri üçin her aýda tölemeli töleg doly töledilýär. Olaryň ýer üçin arenda tölegi-de, beýleki dükanlar bilen deňeşdirlende, ep-esli ýokary. Ýagny, beýleki söwda ýerleri üçin aýda 50 manat tölenýän bolsa, etçiler aýda 730 manat töleýärler.

Tölegiň ýokary bolmagynyň bir sebäbi hem etçiler üçin hamana şol dükanlarda döredilen goşmaça şertler we şol şertlerden birem – dükanlaryň içinde gurlan split sistemalary.

Galyberse-de, etçiler bazara yzygiderli aýlanyp duran barlagçylaryň üns merkezinde. Barlagçylar etiň hiline seredýärler, arassaçylyga we dükanyň içiniň temperaturasyna, etiň saklanyş sanitar normalaryna üns berýärler.

Jerime we dokument

Hökümet eýeçiligindäki bazar administrasiýasy tarapyndan üns berilmeýänligi zerarly işlemän duran sowadyjylar üçin hem söwdagärlere jerime salynýar. Jerimäniň näme üçin salnandygy barada dükançylara hiç hili dokument hem berilmeýär.

Emma salnan jerime hem düşnüksiz, käbir dükançylar, jerimäni barlagçylar bilen et görnüşinde ylalaşýandygyny aýtsalar, etçilerden özüni Öwez diýip tanadan 35 ýaşlaryndaky bir dükançy bazardaky ýagdaýdan şeýle gürrüň berdi: “Düşnüksiz, olar bahana gözleýärler, käbir söwdagärler 100 manat tölemeli edilse, käbirleri 200 manat tölemeli edilýär, garaz, sebäbi belli däl, eliňe dokumentem berlenok, bize sebäbini diňe çaklamak galýar”.

Häzirki wagtda Türkmenabadyň bazarlarynda bir kilogram uly malyň elin etiniň bahasy 18 manat.

XS
SM
MD
LG