Sepleriň elýeterliligi

Ýadro ylalaşygy: Rohani ‘iki oduň’ arasynda


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani.

Global güýçler bilen ýadro ylalaşygy Eýranyň prezidenti Hasan Rohani üçin ikiýüzli gama bolar.

Sanksiýalary ýeňletmek bilen Eýranyň atom programmasyny çäklendirmek dünýä ýurtlary bilen oňat gatnaşyklary isleýän eýranlylaryň ýanynda Rohaniniň abraýyny ýokarlandyrar.

Beýleki tarapdan bolsa, özüni aramlaryň hataryna goşýan prezidente konserwatiwler tarapyndan basyşyň artmagyna getirer. Bular ýurduň içindäki atmosferanyň gowşadylyp, halka erkinlik berilmegine garşylyk görkezip gelen adamlar.

Merkezi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän ylmy barlag “Rand Corporation” guramasynyň işgäri Eýran boýunça synçy Alirza Naderiň aýtmagyna görä, bu ylalaşyk Rohanini “aşa köp syýasy sermaýa” bilen üpjün eder.

Aşa konserwatiwler

Ýöne Nader berk kontrollyk astyndaky teokratiýada esasy institusiýalary öz elinde saklaýan aşa konserwatiwleriň öz gezeginde muňa gaýtawul bermeginiň mümkindigini belleýär.

“Konserwatiwleriň gorkusy, Rohaniniň öz populýarlygyndan peýdalanyp, Eýranda düýpli özgerişleri ýola goýmagy” diýip, Nader Azatlyk Radiosyna aýtdy. “Rohani şu wagta çenli seresaplylyk bilen hereket etdi. Ýöne ylalaşykdan soňra onuň bu hasap-hesibi üýtgärmi? Ýadro ylalaşygynyň onuň at-abraýyny ýokarlandyrmagy mümkin. Emma ol ýene-de giňişleýin konserwatiwleriň kontrollygyndaky syýasy düzgün bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Olar reforma ugrunda bolan her bir synanyşyga, nähili ujypsyz hem bolsa, garşylyk görkezerler”.

Rohani şu wagta çenli ýokary ýolbaşçy Aýatolla Ali Hameneýiden goldaw tapyp geldi. Yslam respublikasynda döwlet işlerinde ähli zadyň gutarnykly çözgüdi şonuň elinde.

Ýöne synçylaryň pikiriçe, Hameneýiniň Rohanini goldamagy, Eýranyň ruhy ýolbaşçysy öz güýç-gudratyna howp abanýandygyny duýan badyna kesiler.

“Ýokary ýolbaşçy ýol bermez”

Metbugatda adynyň aýdylmagyny islemeýän bir tähranly syýasy analizçi: “Ýokary ýolbaşçy Rohaniniň täsiriniň aşa köp artmagyna hiç bir ýagdaýda ýol bermez” diýýär.

Analizçi soňra-da “Hameneýi mundan ozal-da prezidentiň sosial syýasatyny tankytlaman duranok” diýip, sözüniň üstüne goşýar.

Tähran bilen dünýäniň alty sany güýçli döwleti sanksiýalary ýeňletmegiň hasabyna Eýranyň ýadro işjeňligine çäklendirme girizmek barada gepleşik geçirýärler. Olar gepleşiklerde gelnen ylalaşyk bu ugurda 12 ýyl bäri yzy üzülmän gelýän dawa-jenjelleriň ýatmagyna getirer diýen pikirde.

Günbatar hökümetleriniň gorkusy Eýranyň atom ýaraglaryny öndürmek başarnygyna eýe bolmagy. Eýran bolsa bu programmanyň bütinleý parahat maksatlara gönükdirilýändigini aýdýar.

Gepleşikler

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Federika Mogerini 7-nji iýulda Wenada barýan gepleşikleriň ýene “birnäçe gün” dowam etjekdigini aýdyp, ozal 30-njy iýunda uzaldylan möhletiň ýene-de uzaldyljakdygyny tassyklady.

Ylalaşyga gelinse, Rohaniniň iki tarapdan gysyş astyna düşmegi-de ahmal. Sebäbi onuň liberal we aram tarapdarlary prezidentiň indi ünsüni ýadro dawasyndan sowup, içerki meselelere gönükdirmegini umyt ederler.

“Ýurt ýadro ylalaşygy barada gürleşip ýörkä, Rohanä zyýan ýetirmejek bolup, köp adamlar dymyp gezdiler. Ýöne ylalaşyk bolsa, halk ykdysadyýet we beýleki meselelerde bir gymyldynyň bolanyny görmek islär” diýip, Tähranly analizçi aýdýar.

Eýranlylaryň köpüsiniň arzuwy

Eýranlylaryň köpüsi dünýä ýurtlary bilen oňat gatnaşyklary, içerde hem açyk jemgyýetiň bolmagyny arzuw edýärler.

Ýöne konserwatiwler öz gysaçlaryndaky güýç-gudrata howp salyp biljek her bir açylyşa garşy. Ýadro ylalaşygy Rohanä goldaw bolsa-da, içerdäki garşydaşlarynyň Günbatara garşy durup bilmedi diýip, muny prezidentiň garşysyna [göreşde] ýarag edinip ulanmagy mümkin.

Söňky aýlarda konserwatiwler Rohaniniň hökümetiniň çäklendirmeleri gowşadyp, Eýrandaky sosial we medeni atmosferany açmagyna garşylyk görkezdiler.

Garaýyşlar

Azatlyk Radiosy tarapyndan interwýu edilen adamlaryň köpüsi ýadro ylalaşygyna gelnip, ykdysadyýetiň gowulanmagy bilen ýaşaýyş şertleri hem gowulanar diýip umyt etseler-de, ýurtda uly sosial özgeriş bolar öýdenoklar.

“Käbir adamlar uly zatlara garaşýarlar. Olar ylalaşyk ýurdy üýtgeder öýdýärler. Men beýle pikir edemok. Şu mollalar häkimiýet başyndaka, ähli zat öňküligine galar” diýip, adynyň aýdylmagyny islemeýän 65 ýaşly bir tähranly zenan aýdýar.

Ol: “Sanksiýalar ýatyrylsa, onda halka iň azyndan gününi dolandyrmak aňsadrak bolar” diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.

Bir 19 ýaşly tähranly student bolsa, ylalaşyk ýurduň açylmagyna getirer diýip, umytly gürleýär: “Ekstremistler islese-islemese-de, bu bolar”.

Bu student ýadro ylalaşygyna gelinmegi ykdysadyýetiň gowulanmagyna getirer, daşary ýurtlularyň maýa goýumy artar. Bu hem öz gezeginde iş orunlarynyň köpelmegine getirip, ýaşlaryň gelejege umytly garamagyna sebäp bolar diýen pikirde.

“Häzir mende we meniň ýaşymdaky köp adamlarda bize bu ýurtda gelejek ýok diýen duýgy bar” diýip, student öz pikirini beýan edýär.

XS
SM
MD
LG