Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: 4 million siriýaly bosgun boldy


Türkiýäniň serhedindäki siriýaly bosgunlar.
Türkiýäniň serhedindäki siriýaly bosgunlar.

Birleşen Milletler Guramasy 4 milliondan gowrak siriýalynyň töwerekdäki regionlarda bosgun bolmak üçin öz ýurdundaky uruşdan gaçyp çykandygyny aýdýar. Maglumatda olaryň 1 milliondan gowragynyň geçen 10 aýyň dowamynda öz ýurduny terk edendigi bellenilýär.

BMG-niň bosgunlar boýunça edarasynyň başlygy Antonio Guterresiň aýtmagyna görä, siriýaly bosgunlar bu guramanyň 1992-nji ýyldan bäri diňe bir konfliktden gelen iň köp bosgun sanyny emele getirýärler. 1992-nji ýylda BMG-niň bosgunlar boýunça edarasy 4,6 million owgan bosgunyna hemaýat edýärdi.

Guterres siriýaly bosgunlar “bütindünýäniň kömegine zerurulyk duýýarlar, emma olar munuň deregine aýylganç şertlerde ýaşaýarlar we barha garyplyga batýarlar” diýdi.

Siriýada millionlarça adam öz ýurduny terk eden mahaly, başga-da 7,6 million siriýaly ýurduň içinde öz ýaşaýan ýerinden başga ýere göçmäge mejbur boldy.

2011-nji ýylyň mart aýynda Siriýada hökümete garşy protestler başlany bäri, 230 müňden gowrak adam öldi.

XS
SM
MD
LG