Sepleriň elýeterliligi

FIFA Blazeri sportdan mahrum etdi


Çak Blazer.

Çak Blazer.

Futbol boýunça halkara federasiýasynyň (FIFA) etika boýunça komiteti futbol administratory Çak Blazeri sport pudagyndan ömürlik mahrum etdi.

70 ýaşly Blazer 1996-njy ýyldan 2013-nji ýyla çenli FIFA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasydy.

2013-nji ýylda Blazer Nýu-Ýorkyň federal suduna beren maglumatynda özüniň FIFA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň beýleki agzalary bilen birlikde, Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň geçirilmegi üçin 1998-nji ýylda şowsuz tamamlanan Morokko we 2010-njy ýylda şowly tamamlanan Günorta Afrika teklipleri boýunça para almak barada dildüwşük edendigini boýun aldy.

9-njy iýulda FIFA-nyň etika boýunça komiteti Blazer “köpçülige mälim edilmeýän we bikanun tölegleri, paralary teklip we kabul etmäge gatnaşan esasy adamlaryň biridir” diýdi.

XS
SM
MD
LG