Sepleriň elýeterliligi

Rusisýa: Eýranyň ýarag gadagançylygy ýatyrylmaly


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwa Wenada dowam edýän soňky ýadro gepleşikleriniň bir bölegi hökmünde, Birleşen Milletler Guramasyndan Eýrana garşy girizilen ýarag gadagançylygynyň “mümkin boldugyndan çalt ýatyrylmagyny” isleýär diýdi.

9-njy iýulda Ufada geçirilýän “BRICS” sammitiniň dowamynda çykyş eden Lawrow ýarag gadagançylygynyň ýatyrylmagy Eýranyň terrorçylyga garşy göreşmegine ýardam berer diýdi.

Mundan ozal Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow Eýran bilen dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň arasynda dowam edýän ýadro gepleşikleriniň iň kyn tapgyrynyň başlandygyny aýdypdy.

Şol bir wagtyň özünde Russiýanyň prezidenti Wladimri Putiniň we Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň 9-njy iýulda Ufada duşuşmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG