Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan 36 ýurda wiza düzgünini ýatyrar


Gazagystanyň Almaty şäheri.

Gazagystanyň Almaty şäheri.

Gazagystanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Rapil Joşybaýew 2017-nji ýyldan başlap öz ýurdunyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş guramasyna (OECD) agza döwletleriň raýatlaryna wizasyz syýahat etmek mümkinçiligini döretmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Joşybaýewiň 9-njy iýulda Astanada žurnalistlere beren maglumatyna görä, bu sanawa Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş guramasyna agza 34 ýurt bilen bir hatarda Malaýziýa we Singapur hem goşulypdyr. Bu plan durmuşa geçirilse, gürrüňi edilýän ýurtlaryň raýatlary Gazagystana wizasyz syýahat edip bilerler.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş guramasy Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Kanada, Awstriýa, Şweýsariýa, Ýaponiýa, Türkiýe, Ysraýyl, Meksika, Norwegiýa, Şwesiýa, Ispaniýa, Portugaliýa, Italiýa, Günorta koreýa, Niderlandlar, Lýuksemburg, Awstraliýa we Täze Zelandiýa ýaly ýurtlary öz içine alýar.

Şeýle-de, bu guramanyň düzümine Çehiýa respublikasy, Slowakiýa, Estoniýa, Wengriýa, Polşa, Sloweniýa, Daniýa, Islandiýa Çili, Finlandiýa, Irlandiýa we Gresiýa girýär.

XS
SM
MD
LG