Sepleriň elýeterliligi

Panniýer: Türkmenistan puldan kösenýär


Pul çalşylýan ýer. Balkanabat. 21-nji maý, 2015 ý.

Pul çalşylýan ýer. Balkanabat. 21-nji maý, 2015 ý.

Türkmenistanyň nebit-gaz ministrligi Orsýetiň «Gazprom» kompaniýasyny tölege ukypsyz diýp yglan etdi, emma «Gazprom», rus habar serişdeleriniň ýazmagyna görä, bu habara düşündiriş bermekden boýun gaçyrdy.

Azatlyk radiosy Aşgabat bilen Moskwanyň arasynda dörän algy-bergi meselesi baradaky pikirini sorap, Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça synçysy Brýus Panniýer bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: «TheMoscowTimes» neşiri Türkmenistanyň tankydy "Gazprom" bilen geçen ýylyň ahyrynda, türkmen gazyny almasyny 4 milliard kub metre çenli azaltjagyny aýdanyndan soň başlanan söz urşuny gyzdyrjaga meňzeýär diýýär. Bu ýerde dogrudanam söz urşy barýarmy ýa başga zatlar hem barmy?

Brýus Panniýer: Meniň pikirimçe, bu ýerde söz urşundan has kän zat bar. Elbetde, «Gazprom» geçen ýyl Türkmenistandan alýan gazyny mazaly azaltjagyny yglan etdi, ýogsam Orsýet türkmen gazyny almagy on ýyl mundan öňem mazaly azaldypdy. Indi «Gazprom» 10-11 milliard kub metr gaza derek 4 milliard kub metr gaz almakçy. Bu ozaly Türkmenistan üçin örän ýakymsyz habar, emma Türkmenistan bilen «Gazpromyň» arasyndaky problemalar bulardan has aňyrdan gaýdýar.

Aýdaly, «Gazprom» 2008-nji ýylda Türkmenistandan 40 milliard kub metrden hem kän gaz alýardy. Olar Türkmenistandan alýan gazynyň möçberini ilkinji gezek kesgin azaldanlarynda, «Gazprom» Merkezi Aziýadan alýan gazyna ýewropa nyrhlaryndan pul tölemegi wada beripdi. O mahal dünýä bazarynda gazyň bahasy örän ýokarydy.

Emma birden Türkmenistandan Orsýete gelýän gaz geçiriji partlady we Moskwa günäni gaz geçirijiniň basyşynyň birden üýtgedilmeginiň üstüne atdy. Ýöne Türkmenistan, has dogrusy resmi metbugat geçirijiniň partladylandygyny aýtdy. Olar Moskwany göni aýyplamadylar, emma geçirijiniň partladylmagynda Orsýetiň jogapkärdigini hem gizläp durmadylar. Ýagny munuň türkmen gazyna ýewropa bahasyndan töleg tölenmezligi üçin edilendigi ýaňzydyldy, bu häzirki bolýan zatlaryň başlangyjy.

Azatlyk radiosy: Türkmenistanyň beýanatyna görä, «Gazprom» gaz töleglerini ýylyň başyndan bäri tölemeýär, emma Aşgabat muny näme üçin edil şu gün yglan edýär?

Brýus Panniýer: Munuň bir sebäbi Türkmenistanyň girdeji zerurlygy bilen bagly. Dogry, Aşgabat Hytaýa ummasyz uly möçberde gaz satýar, emma ol munuň üçin beýle köp pul alman hem biler. Eýran barada aýdylanda bolsa, Türkmenistan bu ýurda hiç wagt beýle kän gaz satmady. Has dogrusy, Aşgabadyň Tährana näçe gaz satýany we munuň üçin näçe pul alýany beýle bir aýdyň däl.

Türkmenistanda bolsa, Berdimuhamedowyň prezidentliginiň ilkinji ýyllarynda gazyň ýokarlanýan bahasyna, onuň dowamly ýokarlanjagyna esaslanyp, uly-uly planlar bellenildi. Emma birden energiýa bahalary kesgin aşak gaýtdy...

Onsoň, eger aýdaly, Aşgabat ozallar diňe Orsýetiň özüne 40 milliard kub metrden kän gaz satan bolsa, şol wagtky bahalary hem göz öňüne getirseň, bu azyndan ençeme milliard dollar girdeji bolýar. Emma indi bu girdeji ýok, gitdi. Hytaýa iberilýän gazdan gelýän puly biz bilemzok, emma bu beýle kän bolmaly däl. Eýrandanam kän pul gelenok. Onsoň bu ýerde olaryň, ýagny Aşgabadyň hakykatdanam pula mätäç bolmagy mümkin.

Azatlyk radiosy: Onda siz Aşgabat, global ykdysady problemalar bilen baglylykda, maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýen pikire gol ýapýarsyňyz-da, şeýlemi?

Brýus Panniýer: Hawa, men bu pikir doly bilen razylaşýaryn. Biz olaryň Hytaýa anyk nähili bahadan gaz satýandygyny bilemzok, emma men türkmen gazynyň Pekine 200 dollardan ýa ondan hem az bahadan satylýandygyny eşitdim.

Munuň üstesine, Hytaýyň bu nyrh barada gaýtadan gürleşmek islemegi hem mümkin. Sebäbi olar gaz ylalaşygyny baglaşanlarynda her müň kub metr gazyň bahasy 300-400 dollardy. Indi bu baha 200 dollara düşdi. Türkmenistanda bolsa, Berdimuhamedowyň prezidentliginiň ilkinji ýyllarynda gazyň ýokarlanýan bahasyna, onuň dowamly ýokarlanjagyna esaslanyp, uly-uly planlar bellenildi.

Emma birden energiýa bahalary kesgin aşak gaýtdy we bu Türkmenistanyň esasy eksportydy. Olar hiç kime başga kän bir zat satmaýarlar. Onsoň gazyň bahasy ýarty kemelse, özem seniň gaz satýan adamlaryň eýýäm dünýä nyrhyndan az töleýän bolsa, bu hökümet üçin ägirt uly maliýe problemasyny döredýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG