Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saraýewo Srebrenika pidalaryny ýatlaýar


Saraýewada 136 jesedi alyp barýan ýük ulagyň ýanyndan geçip barýan zenan. 9-njy iýul, 2015 ý.
Saraýewada 136 jesedi alyp barýan ýük ulagyň ýanyndan geçip barýan zenan. 9-njy iýul, 2015 ý.

Ýewropanyň II Jahan urşundan bäri bolan iň uly gyrgynçylygynda pida bolanlaryň täzelikde anyklanan 136 jesedini alyp barýan uly ýük ulagy Bosniýanyň Srebrenika sebitine barýan mahaly, müňlerçe adam Saraýewanyň esasy köçesine ýygnandylar. Gürrüňi edilýän jesetler Srebrenika gyrgynçylygynyň 20-nji ýyldönüminde jaýlanarlar.

9-njy iýulda jesetleri alyp barýan ýük ulagy Bosniýanyň prezidentlik edarasynyň öňünde saklandy.

1995-nji ýylyň 11-nji iýulynda Bosniýanyň Serb güýçleri we Serb ýarym harby güýçleri Bosniýanyň musulman enklawy Srebrenikany basyp aldylar we şonda 8 müň çemesi musulman erkegini we oglany öldürdiler. Bu waka halkara sudy tarapyndan genosid diýlip atlandyryldy.

Bosniýa-Gersogowiniýa bu gyrgynçylygyň 20-nji ýyldönümini ýatlamaga taýýarlyk görýän mahaly, Srebrenika wakasynda pida bolanlaryň jesetleri heniz hem köpçülikleýin mazarlarda tapylýar.

XS
SM
MD
LG