Sepleriň elýeterliligi

Mužnieks Russiýany tankyt edýär


Russiýanyň Federasiýa geňeşiniň ýygnagy. 8-nji iýul, 2015 ý.

Russiýanyň Federasiýa geňeşiniň ýygnagy. 8-nji iýul, 2015 ý.

Ýewropa Geňeşiniň adam hukuklary boýunça komissary Nils Mužnieks (Nils Muiznieks) Russiýanyň häkimiýetleriniň ýurtdaky täze kanun esasynda 12 daşary ýurt guramasyny gadagan etmek baradaky çäresini tankyt etdi. Russiýanyň kanunçykaryjylary gürrüňi edilýän kanunyň ýurduň howpsuzlygyna wehim salýan we “islenmeýän” zatlardan dynmak üçin zerurdygyny aýdýarlar.

Mužnieks 9-njy iýulda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Russiýanyň “täze ýaramaz kanunyň takyk däldigini we rus häkimiýetlerine ýurtdaky islendik döwlete degişli däl guramany ýapmaga rugsat berýändigini” aýtdy.

8-nji iýulda Russiýanyň Federasiýa geňeşi, Russiýanyň parlamentiniň ýokarky öýi, Russiýanyň Baş prokuratura edarasyndan, Daşary işler ministrliginden we Adalat ministrliginden ýurtdaky guramalary “islenmeýän” diýip yglan etmek üçin olaryň iş hereketlerini jikme-jik öwrenmegi soradylar.

XS
SM
MD
LG