Sepleriň elýeterliligi

Wena: Ýadro gepleşikleri 'oýun soňuna' geldi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň Eýran «berk kararlara» gelmese, çykyp gitjegini aýtmagy bilen, Birleşen Ştatlar bilen Eýran 9-njy iýuldaky ýadro gepleşiklerinde pert-pert gepleşmeli boldular.

Eýranlylar Birleşen Ştatlary we onuň ýewropaly ýaranlaryny «psihologiki uruş alyp barmakda» aýypladylar.

Kerri we beýleki günbatar resmileri bolsa, Eýranyň öz ýadro programmasyny yza dolamak üçin entek "kyn kararlary" kabul etmändigini aýtdylar.

Kerri Birleşen Ştatlaryň, bellenen möhlet sebäpli, gyssanmaç ylalaşyk baglaşmajagyny aýtdy.

Şol bir wagtda ol Eýran bilen gepleşikleriň soňsuz dowam edip bilmejegini duýdurdy.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini «biz ylalaşyga gaty golaý, emma möhüm, taryhy kararlar gelýän sagatlarda kabul edilmese, biz şertnama baglaşyp bilmeris» diýip, ССN-e aýtdy.

XS
SM
MD
LG