Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan, Hindistan howpsuzlygy maslahatlaşar


Günorta Aziýanyň iki sany basdaş ýurdy, Pakistan bilen Hindistan Nýu-Delide milli howpsuzlyk geňeşçileriniň maslahatyny geçirmek barada ylalaşyga geldi.

Hindistanyň daşary işler sekretary bu habary 10-njy iýulda, Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi bilen Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif Ufada, regional howpsuzlyk sammitiniň çäginde duşuşandan soň ýaýratdy.

Iki lider 2008-nji ýylda bolan Mumbaý hüjüminde aýyplanan pakistanly ýaragly adamlaryň suduny çaltlaşdyrmaga kömek bermek barada ylalaşyga geldi.

Şeýle-de Modiniň Nawaz Şarifiň 2016-njy ýylda Yslamфbatda geçiriljek regional howpsuzlyk sammitine gatnaşmak baradaky çakylygyny kabul edendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG