Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“WhatsApp-yň” täze wersiýasy


WhatsApp.
WhatsApp.

Akylly telefonlarda hat alyşmak we jaňlaşmak üçin niýetlenen “WhatsApp” tilsimi iPhone telefonlary üçin täze “Beta” atly wersiýasyny köpçülige hödürledi.

Beta v2.12.5.16 wersiýasy özüniň ençeme täze aýratynlyklary bilen ünsi özüne çekýär.

Bu täze aýratynlyklaryň biri ulanyjy her kim üçin başga-başga bildiriş sesini saýlap biler. Şeýlelikde, size kimiň hat ugradandygyny bildiriş sesi arkaly dessine öwrenip bilersiňiz.

Şol sanda bu täze aýratynlyklaryň ýene birinde her bir ulanyjy bilen hat alyşanyňyzda, olaryň her biri üçin özboluşly arka fon saýlamak mümkindir.

Täze aýratynlyklaryň ýene biri bolsa, diňe bir düwmä basmak arkaly ähli hatlaryňyzy okalan ýaly görnüşde bellige alyp bilersiňiz.

Şeýle-de, tiz jogap bermek funksiýasy arkaly “WhatsApp” sahypaňyzy açman hem hatlara jogap ýazyp bilersiňiz.

“WhatsApp-da” köpçülikleýin, ýagny topar görnüşinde hat ýazyşýanlar “mute”, ýagny “sessiz” aýratynlygyndan peýdalanyp bilýärler. Mundan beýläk şahsy hatlaryňyzy ýazyşanyňyzda hem bu funksiýadan peýdalanyp bolar.

XS
SM
MD
LG