Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taýland 100 uýgury Hytaýa kowdy


Taýland 100-e golaý uýgury zor bilen Hytaýa ugradyp, adam hukuklary toparlarynyň tankydyna, Türkiýede bolsa protestlere sebäp boldy.

Taýlandyň premýer-ministri, general Praýus Çan-oka 9-njy iýulda öz ýurdunyň Pekinden uýgurlara adalatly çemeleşmek barada kepillik alandygyny aýtdy.

BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissarlygy Hytaýa dolanmak islemedik adamlaryň, şol sanda aýallaryň we çagalaryň zor bilen uçara mündürilmegine örän geň galandygyny aýtdy.

Türkiýe geçen hepde Taýlandda tussaglykda saklanýan 173 uýgury, esasan aýallary we çagalary kabul edipdi.

Ýerli protestçiler uýgurlaryň Hytaýa zor bilen ugradylmagyna Türkiýede Taýlandyň hormat konsullygynyň äpişgelerini döwmek we käbir zatlaryny talamak bilen jogap berdiler.

XS
SM
MD
LG