Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa: atyşykda 2 adam öldi


German polisiýasy ýurduň günortasyndaky Bawariýa sebitinde iki adamy atyp öldürmekde güman edilýän adamy tussag etdi diýip, häkimiýetler 10-njy iýulda habar berdiler.

Şahsyýeti barada maglumat berilmeýän adam Tifental şäherinde öz üsti açylýan «Mersedes» maşynyndan bir aýaly atyp öldüripdir.

Soň ol Rammersdorf şäheriniň golaýynda tigirli barýan adamy atyp öldüripdir.

Ol adam bir pyýadany we sürüjini hem tüpeňläpdir, emma olara ok degmedi diýip, polisiýa aýdýar.

XS
SM
MD
LG