Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti we hökümet baştutany G. Berdimuhamedow maliýe-ykdysady pudaga gözegçilik edýän wise-premýeri, ykdysadyýet we ösüş, gurluşyk we arhitektura ministrlerini wezipelerinden boşatdy. Birnäçe welaýat häkimleri-de çalşyryldy.

Resmi maglumatlarda ykdysadyýet we ösüş ministri W. Abdylhekimowyň, gurluşyk we arhitektura ministri G.Baýrammyradowyň işde goýberen düýpli kemçilikler sebäpli wezipelerinden boşadylandygy habar berildi.

“Ýaramaz işleýändigi” anyklandy

Prezident Berdimuhamedow telewideniýede görkezilen hökümet maslahatynda çykyş edip, käbir ýolbaşçylaryň “ýaramaz işleýändiginiň” barlaglaryň netijesinde anyklanandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti kemçilikleriň arasynda korrupsiýa problemasynyň hem bardygyny belledi.

Hökümet maslahatynda G.Berdimuhamedowyň ýokary derejeli birnäçe jogapkär adamlary wezipeden boşatmak, käbirini bir wezipeden başgasyna geçirmek boýunça gol çeken permanyna laýyklykda, A.Goçyýew hökümet baştutanynyň maliýe-ykdysady pudagy boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy. Onuň ýerine Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow bellendi.

Şeýle-de hökümet maslahatynda Baş prokuraturanyň Ahal welaýatynda geçiren barlaglarynyň netijesinde kemçilikleriň üstüni açandygy habar berildi. Berdimuhamedow hökümetiň kararlaryny we permanlaryny berjaý etmekde haýal-ýagallyga ýol berýän we öz gözegçiligindäki edaralara gözegçiligi gowşadýan käbir wezipeli resmileriň işinden özüniň nägiledigini aýtdy.

Habar berlişine görä, barlaglaryň netijesinde üsti açylan kemçilikler sebäpli Ahal welaýatynyň ýolbaşçylygynyň düzümi çalşyryldy. Welaýat häkimi M.Nurmämmedow, onuň orunbasarlary D.Baýramow we A.Gutlymyradowa işden boşadyldylar.

Hökümet baştutanynyň orunbasary wezipesinden boşadylan A.Ýazmyradow Ahal welaýatyna häkim edilip bellendi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew hökümet baştutanynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik boýunça orunbasary wezipesine geçirildi. Oňa bir aýyň içinde oba hojalygyny reformirlemek boýunça teklipleri işläp düzmek tabşyryldy. Tekliplere sentýabr aýynda Ýaşulular maslahatynda serediljekdigi resmi maglumatlarda habar berildi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine Döwlet azyk senagat birleşiginiň başlygy O.Gurbannazarow bellendi.

Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine Türkmenbaşy şäheriniň häkimi D.Durdyýew bellendi.

Ösüş sanlaryna garamazdan

Şol bir wagtda-da pudak resmileriniň we welaýat häkimleriniň, şol sanda wezipeden boşadylanlaryň hökümet maslahatynda beren hasabatlarynda ýylyň birinji ýarymynda ýurduň sosial-ykdysady taýdan güýçli ösüşe eýe bolandygy habar berildi.

Hususan-da, Umumy içerki önümçilik derejesiniň 109,1% ösendigi, meselem, ýolbaşçysy çalşyrylan gurluşyk pudagynyň 112,1 % ösüş gazanandygy habar berildi.

Ýanwar-iýun aralygynda ykdysadyýetiň ösüşine geçen ýylkysyndan 7,9% artyk maýa goýlupdyr.

9-njy iýulda geçirilen hökümet maslahatynda berlen hasabatlarda prezidentiň apparatyna we Ministrler kabinetine raýatlardan gowşan şikaýatlara hem arzalara seredilendigi hem aýdyldy. Resmi maglumatlarda prezidentiň döwlet edaralarynyň ilatdan gelýän şikaýatlara bellenilen tertipde garamagy we öz wagtynda jogap bermegi tabşyrandygy habar berildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG