Sepleriň elýeterliligi

Aksakallara "ekstrimist tanamak" öwredilýär


Özbek we gyrgyz aksakallary

Özbek we gyrgyz aksakallary

Özbegistanyň birnäçe sebitinde aksakallar bilen aktiwistlere "ýat ýurtlardan gelen adamlaryň täsirinde galmaz ýaly" ýörite sapaklar berilýär.

Ýaşulylar we arçynlygyň aktiwistleri bilen geçirilýän şeýle çäräniň maksadyny "halky keseki dini täsirlerden" we şol sanda "Yslam döwleti" (YD) toparyndan goramak hökmünde düşündirýärler.

Çäräni gurnaýan "Mahelle" atly haýyr-sahawat fondunyň beýannamasyna görä, ýörite sapak berilýän adamlar Özbegistana gelen keseki ýurdyň raýatlary bilen işjeň gyzyklanar ýaly ýörite enjamlar bilen hem üpjün edilýär. Geçirilýän sapaklaryň şygary bolsa "Biziň ideýamyz - biziň goragymyz".

- Olar (aktiwistler we aksakallar) ýaşaýan ýerlerinde kimiň daşary ýurtdan nähili maksat bilen gelýändigini ýa-da kimiň daşary ýurda näme üçin gidýändigini gaty gowy bilýärler, ýagny olar jemgyýetde bolýan hemme hereketi diýen ýaly bilýärler. Hökümet häzir olara ekstrimizme garşy nähili göreşmelidigi barada sapaklar berýär.

Sapaklardan soň olar öwrenen zatlaryny öz ýaşaýan ýerlerinde iş ýüzüne geçirerler. Häzir şeýle propaganda işleri hasam ýaýbaňlandyryldy - diýip, "Mahalle" atly haýyr-sahawat fondunyň Daşkent welaýat bölüminiň adynyň agzalmagyny islemeýän bir işgäri Azatlyk Radiosynyň özbek gullugyna beren maglumatynda aýdypdyr.

Ýörite sapaklardan soň gatnaşýanlara öz ýaşaýan ýerlerinde we goňşy arçynlyklarda öwrenen zatlaryny durmuşa geçirmäge ygtyýar berýän şahadatnama gowşurylýar. Hökümet berilýän bu ýörite tälimiň ekstrimistleri "has gowy tanamagy" öwretmegini umyt edýär.

- Sapaklarda olara häzirki zamanda hereket edýän, meselem YD ýaly ekstrimist toparlar barasynda giňişleýin maglumat berilýär. Şeýle-de adamlaryň olaryň toruna nädip düşýändigi düşündirilýär. Arçynlygyň işgärlerine ekstrimistleri nädip tanamalydygy, olaryň aldawyna düşenleri nädip halas edilmelidigi, şeýle-de jemgyýetde gyz-gelinler hem erkek adamlar bilen nähili işleşilmelidigi babatda ýörite tälimler berilýär - diýip, şeýle tälimleri berýän ýörite okuwlara gatnaşan samarkandly bir resmi Azatlyk Radiosyna düşündiripdir.

Özbegistanda häzirki döwürde döredilen sekiz müňden gowrak arçynlyk ýurtda hökümete garaşly özygtyýarly dolandyrylş organy hökmünde hereket edýär. Soňky iki ýylda şol arçynlyklar, aýdylşyna görä, adamlaryň hasaba alynmagynda, raýatlaryň gözegçilik astynda tutulmagy ýa-da yzarlanmagy, şeýle-de dürli maglumatlaryň degişli organlara ýetirilmegi babatda hökümetiň we howpsyzlyk gullugynyň "sag eli" hasaplanýarlar.

Özbegistandan näçe adamyň daşary ýurda, ýagny şol sanda Siriýada we Yrakda YD-niň gözegçiligindäki sebitlere gidip söweşýändigi babatda resmi bir maglumat ýok. Siriýada we Yrakda söweşýän özbekleriň doly sany bilinmeýänem bolsa, Özbegistanyň raýatlarynyň we şol sanda hem asly özbek bolan Orta Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň, ýagny olaryň belli bir böleginiň hem Gyrgyzstandan gidip, Siriýada söweşýändikleri barasynda subutnamalar bar. Etniki özbekler "Tewhid wal-Jihad" we şeýle-de "Jannat oşiklari" atly toparlaryň hatarynda görülýär. Olaryň wekilleri köplenç Siriýada gatnaşýan uruşlarynyň wideolaryny internetde ýaýradýarlar.

"Halkara krizis toparynyň" bu ýyl çap eden hasabatynda aýan edilşine görä, YD-niň hataryndaky orta aziýaly söweşijileriň arasynda etniki özbekler we Özbegistanyň raýatlary has köpçülik ýagdaýdadyr. Hasabata salgylanylan halatynda, Özbegistanyň Siriýada söweşýän raýatlarynyň sanynyň "2500 adamdan hem köp bolup biljekdigi" äşgärdir.

Özbegistanly söweşijiler 1990-njy ýyllaryň ahyrynda Owganystan bilen Pakistandaky toparlaryň hataryna işjeň rol oýnamaga başlapdyrlar. Olaryň aglabasy bolsa Özbegistanda häzirki hökümeti ýykyp, onuň deregine yslam döwletini döretmegi maksat edinýän "Özbegistanyň yslam hereketiniň" tarapdarlarydyr.

XS
SM
MD
LG