Sepleriň elýeterliligi

Eýran: ýadro gepleşikleri dowam edýär


Eýran bilen iri döwletleriň ýadro gepleşikçileri gepleşikleri hepde ahyrynda hem dowam etdirýärler.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri 10-njy iýulda Wenadaky gepleşikleriň «konstruktiw» atmosferada geçýändigini aýtdy.

«Meniň pikirimçe, biz öňe çykyp duran meseleleriň käbirini çözdük we käbir öňegidişlikleri gazandyk» diýip, ol aýtdy.

«Biz käbir öňegidişlikleri gazandyk, emma entek barmaly ýerimize ýetip bilemzok» diýip, Eýranyň daşary işler ministri Muhammad Jawed Zarif aýtdy. “Görnüşinden, biz hepde ahyryny Wenada geçirmeli boljak» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gepleşikçiler Tähranyň ýadro programmasyny jylawlamak we oňa derek sanksiýalary gowşatmak barada uzak möhletli ylalaşyk baglaşmak üstünde işleýärler.

XS
SM
MD
LG