Sepleriň elýeterliligi

Hytaýa tupan geldi


Hytaýyň Žejiaň welaýatynda Çan-Hom tupany zerarly 850 müňden gowrak adam ewakuasiýa edildi.

Resmiler 11-nji iýulda tupanyň öýleden soň Sanmen we Žouşan şäherleriniň arasyna gelmegine garaşylýandygyny aýtdylar.

Milli howa býurosy Çan-Homuň Hytaýda 1949-njy ýylda bolan tupandan bäri iň güýçli tupandygyny aýdýar.

Şeýle-de bu tupan Taýwana we Hytaýyň Şanhaý, Jaýngsu, Anjuý, Fujian regionlaryna hem güýçli ýel we agyr ýagyş getirýär.

XS
SM
MD
LG