Sepleriň elýeterliligi

Gündogar Bosniýada, 20 ýyl ozal serp güýçleri tarapyndan gyrlan 8 müň çemesi musulman erkeginiň we oglanynyň hatyrasyny tutmaga onlarça müň adamyň toplanmagyna garaşylýar.

Ýewropanyň Ikinji Jahan urşundan soňky iň elhenç gyrgyny hasaplanýan hadysanyň ýyl dönümine gatnaşýanlaryň arasynda ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini, türk prezidenti Rejep taýyp Erdogan, türk premýer-ministri Ahmet Dawutoglu, Iordaniýadan Melike Nur, ABŞ-nyň önki prezidenti Bil Klinton dagy hem bar.

Bu çäre şahsyýeti täzelikde kesgitlenen pidalaryň 136-synyň jesetlerini jaýlamagy hem öz içine alýar.

XS
SM
MD
LG