Sepleriň elýeterliligi

Little: Biz bu gyrgyny öňünden bilýärdik


Serebrenisa gargynçylygynda 8 müň çemesi musulman erkeginiň we oglanynyň gyrgyna berilmeginiň 20 ýyllygy bellenilýär. Olar 1995-nji ýylda, bu şäher serb güýçleriniň eline geçenden soň, ýesir alnypdy.

BBC-niň öňki weteran habarçysy Allan Little 1991-1995-nji ýyllarda öňki Ýugoslawiýada bolan konflikt we Srebrenisa krizisi barada kän ýazypdy.

Ol Azatlyk radiosynyň Balkan gullugy bilen söhbetdeşlikde bu köpçülikleýin gyrgynçylygyň «çak edilendigini, öňünden görlendigini we öňüniň alyp bilinjekdigini» aýtdy.

AÝ/AR: Siz 1995-nji ýylyň iýulynda niredediňiz?

Little: Her näçe gynansam-da, 1995-nji ýylyň iýulynda men Bosniýany terk edip, Afrika barypdym... Men iş tabşyrygy boýunça Angola barypdym we irden oýanyp, BBC-den Serbiýanyň goşunlarynyň Srebrenisa girendigini eşitdim. Onsoň men munuň betbagtçylykdan habar berýändigini bada-bat bildim. Şobada hem Londona, öz iş ýerime jaň edip: «Bu betbagtçylyk, ol ýerde gelýän iki-üç günüň dowamynda azyndan ýüzlerçe adam öldüriler» diýdim.

Meniň diýjek bolýan zadym, Srebrenisada bolan zat dört ýyl şondan öň Bosniýada bolan hadysadan däl, ondan bir ýyl öň Horwatiýada, Bosniýa urşy başlamazyndan öň bolan hadysadan hem diňe gerimi bilen tapawutlanýar. Biz Wukowarda hem şunuň ýaly ýagdaýda bolan zady bilýäris ahyryn. Ýagny biz o ýerde näme boljagyny öňünden bilýärdik diýip pikir edýärin.

AÝ/AR: Samantha Powers, ABŞ-nyň BMG-däki wekili hem şol wagt «Washington Post» üçin işläp, şol ýerde ştatdan daşary habarçylyk edipdir. Olam bu gyrgynçylygyň garaşylýan zat bolandygyny we bu barada öz gazetine ýazandygyny aýtdy. Emma onuň ýazan makalasy çap edilmändir. Oňa «bu öňe seredýän beýanat, sen ol ýere bolýan zatlary habar bermek üçin iberildiň» diýipdirler. Ol redaktoryndan sorapdyr: «Onda biz gyrgyn hakynda ol bolanynda habar bermelimi?» Men diňe bir zady bilmek isleýärin, eger, žurnalist käriniň düzgünleri sebäpli, olar ýetip gelýän betbagtçylyk barada öz pikirlerini aýdyp bilmejek bolsalar, duýduryş berip bilmejek bolsalar, onda bu käriň manysy näme?

Little: Meniň hem bu barada ýazan makalam hiç wagt BBС-de berilmedi, özem hut şol sebäbe görä, Londondaky redaktorlar ondaky garaýyş reportažlyk däl diýen pikire geldiler, maňa partizan sudýalygyny edýärsiň diýdiler.
1993-nji ýylyň aprel gijesi BMG-de örän bir ýeser zat edildi. Meniň tutuş güni Saraýewo aeroportunda geçirenim ýadymda. Ol ýerde hiç hili gepleşik geçirilmeýärdi.

General Mladiç tabyn bolmak baradaky dokument bilen geldi-de: «Bu ýerde maslahatlaşar ýaly zat ýok, siz diňe şu ýere gol çekmeli» diýdi.
Biz muny bilýärdik, emma BMG-niň wakanyň bolýan ýerindäki resmileri bizi sagatlap we sagatlap saklaýardylar. Olar «iki tarapyň bir stoluň başynda oturyp, gürleşmekleriniň özi hem progresiň alamaty» diýýärdiler. Bu dogry däldi. Olar wagt bilen oýnaýardylar, Nýu-Ýorkda bir zatlaryň bolmagyna garaşýardylar.

Soň biz yzymyza, şähere ugradylamyzda, ol ýerde habar berer ýaly ylalaşyk ýokdy, bize habar bolan badyna aýdarys diýdiler. Bize ertesi irden sagat 5-de habar ýetirdiler. Men telefon sesine oýandym, BMG-niň Saraýewodaky sözçüsi jaň edýärdi.

"Biz ylalaşyga geldik, ine onuň detallary" diýip, ol aýtdy. Ol maňa telefonda sözme-söz aýdyp berdi, şondan soň men ir sagat alty çemesinde Londona, öz iş ýerime telefon etdim: «Serebrenisa barada ylalaşyk gazanyldy. Siz onuň detallaryny bilmek isleýärsiňizmi?»

Gijeki redaktor meniň bu soragyma şeýle jogap berdi: «O, ýok, ýok, biz ony öten agşam aldyk. Biz ol hakynda eýýäm bilýärdik. Ol Nýu-Ýorkdan habar berildi. Biz ony ýarygije habarlarynda berdik.

Olaryň bu ýerde bilkastdan eden zadynyň, Saraýewodaky žurnalistlerden maglumaty ýaşyrmagynyň sebäbi näme? Çünki olar Saraýewodaky habarçylaryň munuň nämäni aňladýandygyna düşünýändiklerini bilýärdiler. Onsoň olar ol ylalaşygyň detallaryny Nýu-Ýorkdan... öňki gije, bize aýtman, BMG-niň habarçylarynyň üsti bilen ýaýratdylar.

Sebäbi olar BMG-niň habarçylaryny munuň ylalaşykdygyna, oňa hemmeleriň gol çekendigine we hemmeleriň razydygyna yryp biljeklerini bilýärdiler. Biz onuň ýaragsyzlanmak ylalaşygy däldigini bilýärdik. Biz onuň tabyn bolmakdygyny bilýärdik. Biz munuň örän howpludygyny bilýärdik. Olaryň ýeser eden zady - olar Nýu-Ýorkdaky žurnalistleri yrdylar, ýatla, Kombodiýadan, Angoladan, Rwandadan, başga-da köp ýerlerden habar beren žurnalistleri – BMG-niň habarçylaryny munuň beýik diplomatiki ýeňişdigine, böwsüşdigine ynandyrmagy başardylar we bu habar dünýä şeýle görnüşde hem ýetirildi.

Men özüme çökder ikilik edilen ýaly duýandygymy, gaty çökendigimi, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň 1993-nji ýyldaky heläkçilikli rezolýusiýasynyň diplomatiki ýeňiş hökmünde görkezilişinden gaty göwnümiň galandygyny ýadymdan çykaryp bilemok. Bu masgaraçylykdy we men muňa gaty gynandym hem geň galdym.

Iňlisçeden gysgaça terjime eden Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG