Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Srebrenisa pidalary hatyralanýar


ABŞ-nyň ozalky prezidenti Bil Klinton çykyş edýär. Srebrenisa, 11-nji iýul, 2015 ý.
ABŞ-nyň ozalky prezidenti Bil Klinton çykyş edýär. Srebrenisa, 11-nji iýul, 2015 ý.

Bosniýa-Herzogowinanyň Srebrenisa şäherine, Ýewropanyň Holokostdan bäri iň elhenç gyrgynçylygynyň 20 ýyllygyna, gyrgyn pidalarynyň hatyrasyny tutmaga on müňlerçe adam toplandy.

Onlarça ýokary derejeli myhman, Serbiýanyň premýer-ministri Aleksandr Wusiç, ABŞ-nyň öňki prezidenti Bil Klinton, ABŞ-nyň ozalky döwlet sekretary Madlen Olbraýt, Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu dagy 11-nji iýulda Bosniýada geçirilýän Hatyra günlerine gatnaşmaga geldi.

Wusiç gynanç kitabyna gol çekmäge hem-de Srebrenisa pidalarynyň käbiriniň garyndaşlaryna duýgudaşlyk bildirmäge baranda, gysga wagtlyk gižželendi diýip, AFP habar berdi.

Golaýda şahsyýeti kesgitlenen pidalaryň 136-synyň jesetleri memorial toplumynda, ozal köpçülik mazarlaryndan çykarylyp, şahsyýeti kesgitlenen we gaýtadan jaýlanan alty müňden gowrak pidanyň gapdalynda, hormat bilen topraga tabşyryldy.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Jan Eliasson Srebrenisadaky ýatlama dabarasynda çykyş edip, «Men açyk aýtjak, Birleşen Milletler Guramasy we halkara jemgyýetçiligi Srebrensia gyrgynçylygynyň pidalaryny goramagyň hötdesinden gelmedi, bu biziň hemişelik ýadymyzda bolmaly» diýdi.

1992-95-nji ýyllaryň Bosniýa urşy mahalynda BMG Srebrenisada asuda ilat üçin howpsuz ýer, gaçybatalga döretdi. Emma 1995-nji ýylyň 11-nji iýulynda bu şäher serb goşunlarynyň eline geçdi. Şol günden soň olar 8 müň çemesi musulman erkegini we oglany öldürdi. Olaryň jesetleri, gyrgynçylygyň möçberini ýaşyrmak üçin, 90 çemesi köpçülikleýin mazarda ýere gömüldi.

BMG-niň Halkara Adalat sudy 2007-nji ýylda bu gyrgynçylygy «genosid» diýip yglan etdi.

Wusiç Hatyra gününiň öňünden çap eden beýanatynda Srebrenisa gyrgynçylygyny «elhenç jenaýat» diýip atlandyrdy.

"Pidalaryň derdini egismek üçin ökünji we olara garşy şeýle aýylganç jenaýaty amalara aşyranlar babatdaky gahar-gazaby beýan etmäge söz ýok» diýip, ol aýtdy.

"Serbiýa bu aýylganç jenaýaty açyk we ikuçsyz ýazgarýar, bu işe gatnaşan adamlary ýigrenýär» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Serbiýa "genosid" sözüne garşy

Emma muňa garamazdan, Serbiýa Srebrenisa gyrgynçylygyny «genosid» diýip häsiýetlendirmek tagallalaryna garşy aýak depýär.

Orsýet şu hepdäniň başynda BMG-niň Britaniýa tarapyndan taslanan we Howpsuzlyk geňeşiniň Srebrenisa gyrgynçylygyny «genosid» diýip ykrar etmegine çagyrýan rezolýusiýasyna weto goýdy.

Bosniýa-serb lideri Milorad Dodik Moskwa bu wetosy üçin sagbolsun aýtdy. Onuň pikiriçe, Moskwa bu rezolýusiýanyň kabul edilmeginiň öňüni almadyk bolsa, Bosniýanyň içindäki bölünişikler çuňlaşyp, ýagdaý has çylşyrymlaşyp hem bilerdi.

Bosniýa-Herzogowina şol uruşdan soň iki sany uly awtonom etniki bölekden, Musulman-Horwat federasiýasyndan we Etniki Serb respublikasy bolan Srpskadan ybarat federal döwlete öwrüldi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG