Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran gepleşikleri kyn meselelere diredi


Dünýäniň alty iri döwletiniň diplomatlary 11-nji iýulda gijäniň bir wagtyna çenli gepleşik geçirip, 13-nji iýula bellenen ahyrky möhletden öň jemleýji yşalaşyk gazanmaga çalyşdylar.

Diplomatlar Wenada 11-nji iýulda geçirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşiklerden soň, ylalaşyk tekstiniň 98 prosentiniň taýýar edilendigini aýtdylar.

Emma gepleşikçileriň 12-nji iýulda boljak duşuşuklara taýýarlanýan wagtynda iki ýa-da üç sany möhüm meseläniň çözülmän galýandygy barada habarlar çykdy.

Olaryň arasynda islendik şertnamanyň näçe wagt dowam etmelidigi we BMG-niň Eýrana garşy raketalar hem adaty ýaraglar boýunça girizen gadaganlygynyň aýrylmak meselesi hem bar.

XS
SM
MD
LG