Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Srebrenisa: protestçiler PM-i daşlady


Gaharly bosniýalylar 11-nji iýulda Srebrenisada Serbiýanyň premýer-ministri Aleksandr Wusiçi daşladylar, ol 8 müň çemesi musulman erkeginiň öldürilmeginiň 20 ýyllyk ýatlama gününe gatnaşýardy.

Wusiç we onuň delegasiýasy protestçiler zat zyňyp başlanyndan soň gaçyp, maşyna mündi. Wusiçiň sözçüsi premýer-ministriň ýüzüne daş degendigini we onuň äýneginiň döwlendigini aýtdy.

Srebrenisada Ýewropanyň Ikinji Jahan urşundan soňky iň elhenç gyrgynçylygynyň ýyl dönümine oň müňlerçe adam gatnaşdy.

Wusiç Belgrada dolanyp geleninden soň: "Meniň elim uzadylanlygyna galýar we men öz ýaraşyk syýasatymy dowam etdirerin» diýdi.

Bosniýanyň üç taraply prezidentligi bu hüjümi berk ýazgardy.

XS
SM
MD
LG