Sepleriň elýeterliligi

Grek bergisinde ylalaşylmady


Brýusselde Gresiýanyň maliýe ministri bilen onuň ýewro zonasynyň 19 ýurdundan gelen kärdeşleriniň arasynda barýan bergi gepleşikleri 12-nji iýulda gaýtadan başlanmaly edildi.

Bu gepleşiklerde Gresiýanyň ýewrodaky geljegi barada ylalaşyk baglaşylmaga synanyşylýar.

Bu duşuşyk Ýewropa Bileleşiginiň 28 lideriniň sammitiniň öň ýanyndan başlanmaly.

ÝB-niň 12-nji iýulda Brýusselde başlanýan sammiti ýewro zonasy we Gresiýa üçin geljekki ugry kesgitlemeli.

11-nji iýulda 9 sagat dowam eden gepleşikler gije ýarymdan soň görnetin ylalaşyga gelmän soňlanyldy.

XS
SM
MD
LG