Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: bomba 12 adamy öldürdi


Owganystanda ýurduň demirgazygynda we günortasynda bolan bomba partlamalary netijesinde asuda ilatdan azyndan 12 adamyň ölendigi aýdylýar.

Kapisa welaýatynyň polisiýa başlygy Abdul Karim Faýek 12-nji iýulda azyndan 10 adamyň öldürilendigini, ýedisiniň ýaraly bolandygyny aýtdy. Olaryň maşynlary bombanyň üstünden gelipdir.

Faýek bu hadysanyň Tagab etrabynda, jeňçileriň owgan güýçlerine ýygjam hüjüm edýän ýerinde bolandygyny aýtdy.

Gunduz welaýatynda hem üç adamyň bombadan ölendigi aýdylýar.

Gunduz welaýatynyň polisiýa sözçüsi bu partlamanyň owgan polisiýasynyň Gunduzda, welaýat paýtagtynda nöker toplaýan merkeziniň golaýynda bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG