Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ÝB sammiti goýbolsun edildi


Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Donald Tusk ÝB-niň 28 lideriniň 12-nji iýulda geçjek sammitini goýbolsun etdi.

Tusk muňa derek ýewro zonasynyň 19 lideriniň Brýusselde Gresiýa barada krizis gepleşiklerini geçirjegini aýtdy.

Brýusselde Gresiýanyň maliýe ministri bilen onuň ýewro zonasynyň 19 ýurdundan gelen ynamsyz kärdeşleriniň arasynda barýan bergi gepleşikleri 12-nji iýulda gaýtadan başlanmaly edildi.

Eger bu ýerde ylalaşyk bolmasa, Gresiýa çöker we ýewro zonasynda çykarylar.

Premýer-ministr Aleksis Tsipras Gresiýanyň ägirt uly bergisini ýapmak üçin 2018-nji ýyla çenli 53.5 milliard ýewro ($59.5 milliard) halas ediş paketini almak isleýär.

XS
SM
MD
LG