Sepleriň elýeterliligi

Wena: ýadro ylalaşygy 'golaýlaýar'


Eýranyň daşary işler ministri Javad Zarif Koburg köşgündäki oteliň balkonyndan habarçylara salam berýär. Wena, 10-njy iýul, 2015 ý.

Eýranyň daşary işler ministri Javad Zarif Koburg köşgündäki oteliň balkonyndan habarçylara salam berýär. Wena, 10-njy iýul, 2015 ý.

Dünýäniň alty iri döwletiniň diplomatlary 11-nji iýulda Wenada Eýranyň ýadro gepleşikçileri bilen ýarygijä çenli gepleşik geçirdiler. Emma olar 13-nji iýula bellenen ahyrky möhletiň öňünden jemleýji ylalaşyga gelmegi başarmadylar.

5+1 topary -- Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Orsýet we ABŞ, goşmak Germaniýa tähranyň ýadro ýaraglaryny edinmek mümkinçiligini kemeldip, oňa derek Eýrana garşy girizilen ykdysady sanksiýalary gowşatmak tagallasyny edýärler.

Diplomatlar Wenada 11-nji iýulda geçirilen ikitaraply we köptaraly gepleşikleriň bir toparyndan soň, jemleýji ylalaşyk tekstiniň 98 prosentiniň taýýar edilendigini aýdýarlar.

Emma gepleşikçiler 12-nji iýuldaky gepleşiklere taýýarlanýan wagtynda iki ýa-da üç sany möhüm meseläniň çözülmän galýandygy barada habarlar ýaýrady. Ol möhüm meseleleriň arasynda Wenada baglaşylan ylalaşyklaryň möhleti, BMG-niň Eýrana raketalar we adaty ýaraglar babatda girizen gadaganylygy ýatyrmak meseleleri hem bar.

Häzirki tapgyr gepleşikleriň mundan öň bellenen öňki ahyrky möhletleriniň üç sanysy – 30-njy iýun, 7-nji iýul, 9-njy iýul eýýäm geçdi we olarda garaşylýan jemleýji ylaalşyga gelmek başartmady.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri 11-nji iýulda Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawed Zarif, ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini bilen 90 minut çemesi gepleşeninden soň, bu ýerde henizem çözülmeli «kyn meseleleriň bardygyny» aýtdy.

Bu üçlük 11-nji iýulda, 5+1 bir toparynyň ýarygijeden sähel öň soňlanan duşuşygyndan öň hem duşuşdy.

Kerri 11-nji iýulda telefonda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen hem gepleşdi, emma Lawrowyň Wena haçan dolanjagy aýdyň bolman galdy.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri 12-nji iýulda Wenada žurnalistlere «meniňçe, biz käbir hakyky kararlary baglaşmaga golaý gelýäris» diýdi.

Gepleşikleriň soňky pellesi

Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius 11-nji iýulda «hemme zadyň stoluň üstündedigini», indi karara gelmegiň wagtydygyny aýtdy. Fabius ýekşenbe güni Wenada žurnalistlere şeýle diýdi:

"Men umyt edýärin, umyt edýärin, biz ahyrynda gepleşikler marafonynyň soňky pellesine girýäris. Men muňa ynanýaryn. Siz Fransiýanyň pozisiýasyny bilýärsiňiz – bu konstruktiw berdaşlylyk, onsoň men ol bizi indi ahyrky pellä kanagatlanarly netije bilen çykarar öýdýärin.”

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bolsa, şenbe güni Tähranda ýerli hudožnikler bilen duşuşanda, Wenada barýan ýadro gepleşikleri barada söz açyp, şeýle diýdi:

«Biz alty dünýä döwleti şeýle görnüşde gepleşdik, eger ýadro gepleşikleri şowsuz gutarsa hem, biziň diplomatiýamyz dünýä biziň mantyklydygymyzy görkezdi, biz hiç wagt gepleşik stoluny terk etmedik, hemişe iň gowy jogaplary berdik.»

Eýranyň ýokary ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýi 11-nji iýulda Tähranda uniwersitet studentleriniň öňünde çykyş edip, «Birleşen Ştatlar gedemligiň kämil bir mysaly» diýdi. Şeýle-de ol studentleriň özlerini has kän gedemlige garşy göreşmäge taýýarlamalydyklaryny ýatlatdy.

Tähran özüniň owalda-ahyrda ýadro ýaraglaryny edinmekçi bolandygyny inkär edýär we öz ýadro programmasynyň tutuşlygyna parahatçylyk maksatlydygyny, ýagny medisina barlaglaryny we elektrik öndürmegi maksat tutýandygyny aýdýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG