Sepleriň elýeterliligi

Hytaý bosgunlary terrorda aýyplaýar


Hytaýyň resmi habar gullugy Taýlanddan Hytaýa deportasiýa edilen 109 uýguryň Türkiýä, Siriýa we Yraga «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň hatarynda söweşmäge barýandygyny aýtdy.

Resmi «Sinhua «habar gullugy 13 uýguryň terror hereketleri bilen galtaşygy bilnenden soň, Hytaýdan gaçandygyny aýtdy.

Şeýle-de hytaý polisiýasynyň Sinjianda uýgurlaryň arasyndan YD üçin nöker toplaýan toparlaryň üstüni açandygy habar berilýär.

Taýlandyň 9-njy iýuldaky köpçülikleýin deportasiýasy halkara jemgyýetçiliginiň tankydy pikirlerine sebäp boldy.

Bosgunlaryň hytaý häkimiýetleri tarapyndan ýanalmak howpundan alada bildirilýär.

XS
SM
MD
LG