Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gije iýmitlenmek böwrekde daş döredýär


Nahar
Nahar

Hytaý lukmanlary üç wagtyna tworog iýen bir hassanyň böwregindäki daşlary operasiýa edip aýrypdyrlar. Lukmanlar onuň böwreklerinden 420 sany maýdaja daş çykarypdyrlar.

Hekimler otuz ýyllyk iş tejribesinde ilkinji gezek bir adamynyň böwreginden şeýle köp daş çykarandyklaryna gaty geň galypdyrlar. Hytaýda bolan bu waka dünýäniň saglygy saklaýyş jemgyýetlerinde dürli jedelleşikleriň döremegine sebäp boldy.

Soňky wagtlarda Gyrgyzystanda böwrek näsazlygy sebäpli kynçylyk çekýän adamlaryň sanynyň barha köpelýändigi nygtalýar. Milli hassahananyň nefrologiýa bölüminde gaty geň ýagdaýa şaýat bolnupdyr, ýagny ol ýerde gyrgyzlar beýleki bölümlere görä gaty az ekeni. Munuň sebäbi olaryň haýsam bolsa bir hassalygyň boljagy bolup, gemodiýalizdan başga çärä galmansoň, lukmanlara ýüz tutýandygy bilen baglanşyklydyr.

Ulan atly student birnäçe gün mundan owal operasiýa bolupdyr. Onuň aýtmagyna görä, ol mineral suwy aşa köp içendigi sebäpli böwreklerinde diýseň köp daşlar emele gelipdir: ”Birinji gezek hassahana men güýzde düşüpdim. Şonda lukmanlar böwregimdäki daşlary dermanlaryň kömegi bilen aýyrdylar. Ondan soň men ýene gaýtadan hassahana ýüz tutmaly boldum. Ýene meniň böwregimde daş tapdylar. Lukmanlar meni operasiýa etdiler. Olaryň aýtmagyna görä, çakdanaşa köp gazly suw içendigim we duzly hem ajy iýmit iýendigim sebäpli böwregimde ýene daş döräpdir. Böwrekde daş yssy howada aşa sowuk suw içilse hem döräp bilýär ekeni”.

”Siýdikhaltada we böwrekde daş emele gelmeginiň birinji sebäbi - ýaşaýan ýeriň howa hem geografiki şertleri bilen baglanyşykly. Gury howa, daglyk tebigat, aşa köp minerally suw – ynha, bularyň hemmesi böwrekde daşyň döremegine sebäp bolýan zatlar - diýip, urolog professor Janybek Mambetow nygtaýar we sözleriniň üstüni şeýle ýetirýär: - Geografiki taýdan Merkezi Aziýa mineral çeşmeleriň ýüregi hasaplanýar. Onsoňam, biz daglyk sebitde ýaşaýarys. Üstesine, güneşli klimat bolansoň, azyk önümleri minerala diýseň baý. Munuň netijesinde-de olar adamyň böwreginde ýygnanyp, daşyň emele gelmegine sebäp bolýarlar. Suwuň düzümindäki minerallar we agyr melallar adamyň organizminde doly özleşip bilmänsoň, böwrege gönümel duz görnüşinde barýarlar. Kadasyz iýmitlenmek, ýokanç keseller, ajy iýmitler, gazly suw we nädogry iýmitler adamyň böwreginde daş döredýärler”.

Professor Janybek Mambetow ýene-de şeýle diýýär: "Gyrgyzlar dogry iýmitlenmeýärler. Biz gijäň ýarymynda agyr nahar iýip, onsoň onuň üstüne ýatyp bilýäris. Gije dynç almaly beden, dynç alyp bilmän, iýlen iýmiti mejbury ýagdaýda siňdirmek bilen meşgullanmaly bolýar. Şeýle ýagdaýda birinji derejede agram böwrege düşýär. Şonuň üçinem men öz raýatlarymyza çakdanaşa köp iýmezligi we iýmit iýilmeli wagty dogry saýlap almagy maslahat beresim gelýär. Gijäň ýarymynda nahar iýmeli däl. Gündiz gowuja naharlanmaly”.

Batkenlileriň özboluşly aýratynlyga eýe daşlary bar

Böwrekdäki daşlaryň sanyny kesgitlemek gaty kyn we muny diňe gaty ökde medisina hünärmeni başarýar. Lukmanlar siýdikhaltada ýa-da böwrekde bir näsazlyk duýlan mahaly, ýagdaý has ýaramazlaşýança garaşman, derrew hassahana ýüz tutmagy maslahat berýärler. Böwrekdäki daşlaryň sanyny ýörite enjam bilen kesgitläp bolýar.

Professor Mambetow böwrekde dörän daş sebäpli ýüz tutýan hassalaryň aglabasynyň Batken etrabyndan bolup durýandygyna aýratyn ünsi çekýär: ”Batken sebiti öz geografiki şertleri bilen tapawutlanýar. Şol ýerde ýaşaýanlaryň böwregindäki daşlar örän uly bolýar we olar böwregiň içini durşy bilen doldurýarlar. Häzir biz munuň sebäbini öwrenmek üçin ylmy barlaglar alyp barýarys”.

Böwrekde daş döremeginiň öňüni almak üçin hökmany suratda sowuklamadan we ýokanç kesellerden ägä bolmaly. Şonuň ýaly hem dogry görnüşde iýmitlenmeli. Iýýän azyk önümleriňdäki duzuň mukdaryny we ajy bilen gazly suwy azaltmaly. Şol bir wagtyň özünde hem ýylda bir gezek lukmana özüňi barlatmaly. Onsoňam, çig suw içmeli däl.

Lukmanlar böwreginden 420 sany daş çykan Weý Ýubin atly 30 ýaşyndaky hytaýla ýörite berhize (diýeta) görä, iýmitlenmegi maslahat beripdirler.

Böwrek daşlaryndan has köp ejir çekýänler erkek adamlar. Böwrekdäki daş aýrylansoň onuň täzeden döremejegine hiç kim kepil geçip bilmez.

XS
SM
MD
LG