Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenada ýadro gepleşikleri dowam edýär


Eýranyň daşary işler ministri M.J.Zarif (s) öz geňeşçileri bilen,Wena, 10-nji iýul, 2015.
Eýranyň daşary işler ministri M.J.Zarif (s) öz geňeşçileri bilen,Wena, 10-nji iýul, 2015.

Eýranyň we dünýäniň täsirli alty ýurdunyň diplomatlary 13-nji iýulda Wenada soňky tapgyrdaky gepleşiklerini dowam etdirip, Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirmek we Eýrana garşy sanksiýalary gowşatmak meselesini maslahat edýärler.

Diplomatlar günüň aýagyna çenli ylalaşyga gelmegi planlaşdyrýandygyny aýtdylar.

Gepleşikleriň häzirki tapgyry Iki hepdeden köp uzaga çekensoň Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif soňky wagt möhletiniň 13-nji iýuldan soň uzaldylmajagyny aýtdy.

Taraplaryň ählisi ylalaşyga ýakynlaşandyklaryny aýtdylar, emma kepil geçip bilmeýändigini duýdurdylar.

XS
SM
MD
LG