Sepleriň elýeterliligi

Gresiýa deslapky kömek ylalaşyldy


Gresiýanyň premýer-ministri A.Tsipras (s) we maliýe ministri Euklid Tsakalotos (ç), Brussel, 13-nji iýul, 2015.

Gresiýanyň premýer-ministri A.Tsipras (s) we maliýe ministri Euklid Tsakalotos (ç), Brussel, 13-nji iýul, 2015.

Ýewro giňişliginiň liderleri Gresiýa bilen täze kömek programmasy barada deslapky ylalaşyk baglaşyp, Gresiýanyň maliýe taýdan çökmegi we ýewrodan el çekmegi bilen bagly töwekgelçiligi aradan aýyrdylar.

“Çynlakaý reformalary” öz içine alýan ylalaşyk Brusselde 17 sagatlap dowam eden gepleşiklerden soň 13-nji iýulda irden yglan edildi.

Ýewropanyň liderleri ylalaşygy makulladylar, emma käbirler bu ylalaşygyň diňe taslamadygyny aýdyp, Gresiýanyň düýpli reformalary amala aşyrmalydygyny duýdurdylar.

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk ylalaşygyň Gresiýanyň “ýola düşmegine” mümkinçilik berýändigini aýtdy.

“Bu karar Gresiýa Ýewropadaky partnýorlarynyň kömegi bilen ýola düşmäge şans berýär” diýip Tusk belledi.

Şeýle-de Tusk Gresiýa tarapyndan ýerine ýetirilmeli “berk şertleriň” bardygyny aýtdy. Gresiýanyň we onuň kreditorlarynyň arasyndaky ylalaşygyň şertleri mälim edilmedi.

XS
SM
MD
LG