Sepleriň elýeterliligi

Omsk: Ýumrulan binada 23 esger öldi


Ýumrulan harby jaý, Omsk, 13-nji iýul, 2015.

Ýumrulan harby jaý, Omsk, 13-nji iýul, 2015.

Orsýetiň Sibir regionynyň Omsk şäherinde harby binalaryň ýumrulmagynda 23 orsýetli esger wepat boldy, diýip Orsýetiň Goranmak ministrliginiň metbugat-wekili 13-nji iýulda habar berdi.

12-nji iýulda 42 desantçynyň dynç alýan dört harby jaýynyň poly ýumruldy. Igor Konaşenkow “daşyň aşagynda galan 42 esgeriň ählisi tapyldy. Olardan 23 adam wepat boldy”, diýdi.

Orsýetiň media maglumatlaryna görä, pidalaryň köpüsi 18 we 24 ýaş aralygyndaky erkek adamlardy. Ýaralananlaryň käbiri bejergi almak üçin uçar arkaly Moskwa äkidildi.

Hadysanyň bolan ýerine halas edijiler, gözleg edýän itler we Moskwadan uçar arkaly eltilen medisina enjamlary alnyp baryldy.

Orsýetiň paýtagtyndan 2200 kilometr uzaklykda ýüze çykan bu hadysanyň sebäpleri barada derhal habar berilmedi.

Interfaks agentligi regional harby derňewçilere salgylanyp, ýol berlen bolmagy mümkin säwlikler boýunça iş gozgalandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG