Sepleriň elýeterliligi

Yrak harbylary Anbaryň ugrunda hüjüme başladylar


Yragyň harbylary esasan şaýy musulmanlaryň goldamagynda günbatar Anbar welaýatyny “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň elinden gaýtadan almak boýunça uly göwrümli operasiýa başladylar, diýip harbylaryň metbugat-wekili habar berdi.

Birleşen harby ýolbaşçylygynyň metbugat-wekili Ýahýa Rasool telewizion gepleşiginde operasiýalaryň 13-nji iýulda başlanandygyny habar berdi.

Ol alnyp baryljak çäreler barada jikme-jik maglumat bermedi. Emma harby ofiserler ilkinji nyşanyň Bagdatdan 50 kilometr günbatarda ýerleşýän Falluja şäheriniň boljakdygyny habar berdiler.

Bu hüjüm “Yslam döwletiniň” Anbara welaýatynyň paýtagty Ramadi şäherini basyp alyp, sünni musulmanlara öz gözegçiligini güýçlendirmeginden iki aý geçensoň başlandy.

XS
SM
MD
LG