Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BAE: Adam ödüren zenan jezalandyryldy


Birleşen Arap Emirliklerinde söweşijileriň ündewi bilen 2014-nji ýylda amerikan çagalar bagynyň mugallymyny öldüren 31 ýaşly zenana 13-nji iýulda irden jeza berildi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň raýaty Ala'a Badr Abdullah al-Haşemi Rumyniýada doglan Ibolýa Ryany Abu Dabiniň söwda merkezinde hajathanada pyçaklap öldürmekde aýyplanyp, ölüm jezasyna höküm edildi.

Öldürlen Ryan 11 ýaşly ekiz çagalaryň ejesidi.

Şeýle-de Haşemi Birleşen Arap Emirliklerinde ýaşaýan amerikaly-müsürli lukmanyň öýüni bombalamak synanyşygy üçin hem günäli tapyldy. Bomba howpsuzlandyrylypdy.

Polisiýa internet arkaly radikallaşan zenanyň Ryany yzarlap, öldürmän, umuman daşary ýurtlulary gözländigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG