Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: "Waşington Post" neşriniň habarçysy sud edilýär


Žurnalist Jason Rezaian
Žurnalist Jason Rezaian

Eýranyň döwlet mediasy “Washington Post” neşriniň habarçysy Jason Rezaianyň sud diňlenişiginiň 13-nji iýulda Tähranda ýapyk gapylaryň aňrysynda gaýtadan başlanandygyny habar berdi.

Amerikan we eýran goşa raýatlygyna eýe bolan Rezaian ABŞ-nyň peýdasyna içalyçylykda we Yslam Respublikasyna garşy propagandany alyp barmakda aýyplanýar.

Bir ýyla golaý wagt bäri türmede saklanýan Rezaian özüne ýöňkelýän aýyplamalary ret edýär.

Eýranyň rewolýusion sudy maý we iýul aýlarynda žurnalistiň işi boýunça iki diňlenişik geçirdi.

Eýran goşa raýatlygy ykrar etmeýär.

Rezaian öz aýaly we iki fotožurnalist bilen bilelikde 2014-nji ýylda tussag edilipdi. Bu žurnalistden başgasy soň boşadylypdy.

XS
SM
MD
LG