Sepleriň elýeterliligi

Gresiýa: Deslapky hemaýat ylalaşyldy


Gresiýanyň premýer-ministri Aleksis Tsipras

Gresiýanyň premýer-ministri Aleksis Tsipras

Ýewrozonanyň ýolbaşçylary Gresiýa bilen täze kömek programmasy barada wagtlaýyn ylalaşdylar. Şeýlelikde Gresiýanyň maliýe taýdan doly çöküp, ýewrozona pul birliginden çykma mümkinçiligi häzirlikçe aradan aýryldy.

"Çynlakaý reformalary " we kömegi öz içine alýan bu ylalaşyk Brýusselde 17 sagada çeken çekeleşikden soň 13-nji iýulda ir ertir yglan edildi.

Ýewropa ýolbaşçylary ylalaşygy oňlasalar-da, käbirleri onuň entek diňe bir plandygyny, bu planyň durmuşa geçmegi üçin Gresiýanyň ýurtda çynlakaý reformalary ýola goýmalydygyny aýdýarlar.

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Donald Tusk gelnen ylalaşyk Gresiýanyň "täzeden ýola düşmegine mümkinçilik berer" diýdi.

"Gelnen karar Gresiýa oňaýsyz netijäniň sosial we syýasy zyýanlaryndan gaça durmagy üçin bir şans" diýip, Tusk gepleşikden soň bolan metbugat ýygnagynda aýtdy.

Tusk "ýerine ýetirilmeli berk şertleriň bardygyny" hem belläp geçdi.

Ýewropa komissiýasynyň prezidenti Jean-Klud Ýunker bu ylalaşykda "utan we utulan ýok" diýip, ylalaşygy "Ýewropa häsiýetli razylaşyk" diýip suratlandyrdy.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland bolsa grek parlamentine täze reformalary kabul etmek üçin sanlyja sagadyň içinde ýygnak geçirmegi maslahat berdi.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel grek parlamenti programmany tutuşlygyna oňlap, ilkinji kanunlary girizende, özüniň Bundestaga Afiny bilen karz pul baradaky gepleşiklere başlamagy "doly ynam bilen" ündejekdigini aýtdy.

"Ýewropa ýöremeli ugur hakda bir karara geldi. Indi ähli zat onuň amala aşyrylmagyna bagly" diýip, Estoniýanyň premýer-ministri Taawi Roiwas agzalýan meselede öz ýurdunyň pozisiýasyny mälim etdi.

Gresiýa bilen kreditorlaryň arasynda gelnen ylalaşyk hakde entek doly maglumat ýok.

Gresiýanyň premýer-ministri Aleksis Tsipras: "Görlen çäreleriň ykdysady kynçylyklara getirjekdigi ikuçsyz. Ýöne ösüş paketi bergileriň täzeden düzgüne salynmagy we maliýeleşdirişiň 3 ýyl üçin howpsuzlandyrylmagy" Gresiýanyň ýewrozona pul birliginden çykmagynyň indi geçmişe öwrülendigini aňladýar diýdi.

Tsipras: "Gresiýa kynçylykly kararlar we çykgynsyz ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Brýusselde gelnen ylalaşyk mümkin bolan iň gowy çykalga" diýdi.

XS
SM
MD
LG