Sepleriň elýeterliligi

Eýran bilen ylalaşyga gelnendigi aýdyldy


Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşikler, Wena, 14-nji iýul, 2015.

Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşikler, Wena, 14-nji iýul, 2015.

Eýranly we günbatarly diplomatlar Tähranyň we dünýäniň iň täsirli alty ýurdunyň ýadro meselesi boýunça öwrülişikli ylalaşyga gelendiklerini aýdýarlar.

“Ähli agyr iş özüni ödedi we biz ylalaşygy möhürledik”, diýip ady agzalmadyk eýran diplomaty 14-nji iýulda Reuters agentligine aýdypdyr.

“Associated Press” günbatarly diplomata salgylanyp, soňky päsgelçilikleriň aradan aýrylandygyny habar berdi.

Ýewropa Bileleşiginiň aýtmagyna görä, Eýranyň we Britaniýany, Hytaýy, Fransiýany, Germaniýany, Orsýeti we ABŞ-ny öz içine alýan 5+1 diýlip atlandyrylýan toparyň daşary işler ministrleri Wenadaky gepleşikleri jemlärler.

Awstriýada 18 günüň dowamynda geçirlen gepleşiklerde maslahat edilen ylalaşyk Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirip, sanksiýalaryň gowşadylmagyny göz öňünde tutýar.

XS
SM
MD
LG