Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl Eýran bilen ylalaşygy ýazgardy


Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu Eýranyň we dünýäniň iň täsirli ýurtlarynyň liderleriniň arasynda gelnen ylalaşygy “taryhyň möçberinde agyr ýalňyşlyk” diýip atlandyrdy.

“Eýran ýadro ýaragyna tarap göni ýol gözleýär”, diýip Netanýahu 14-nji iýulda aýtdy. “Munuň öňüni alyp biljek çäklendirmeleriň köpüsi aradan aýrylar”, diýip Netanýahu sözüniň üstüne goşdy.

Ysraýylyň daşary işler ministriniň orunbasary Tzipi Hotowely Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek üçin sanksiýalary gowşatmak boýunça ylalaşygy “Günbataryň külpet okunyň öňünde taryhy kapitulýasiýasydyr” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG